logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Bäherdendäki tikin fabriginde geçen ýyl 14 million 505 müň manatlyga golaý önüm öndürildi
  23.01.2023
1198
Bäherdendäki tikin fabriginde geçen ýyl 14 million 505 müň manatlyga golaý önüm öndürildi

Bäherden etrabyndaky «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlediler. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň bu baýry kärhanasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen ýylda işleriň aglaba bölegi ýörite sargytlar esasynda ýerine ýetirildi.

Geçen ýylda tikin fabriginde, pul hasabynda alanyňda, 14 million 505 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 128 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şol döwürde bu ýerde tikin önümleriniň 663 müňden gowragy öndürildi. Şonda ekologik taýdan arassa, ýokary hilli nah matalardan tikilen, ýöriteleşdirilen iş lybaslary, ýorgandyr düşekler, ýassyklar we olaryň örtükleri, şeýle-de beýleki tikin önümleri sargyt edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Tikin önümlerine islegiň ýokary bolmagynda fabrikde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň her biriniň saldamly goşandy bardyr. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem guwandyryjy görkezijilere beslemek hyjuwy bilen iş gadamlaryny barha batlandyrýarlar.