logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bäherdende etrabynda 2,7 milliard ýyllyk daşa öwrülen galyndylar tapyldy!
  23.06.2023
832
Bäherdende etrabynda 2,7 milliard ýyllyk daşa öwrülen galyndylar tapyldy!

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Ýer ýüzüniň ilkinji ýaşaýjylarynyň daşa öwrülen galyndylaryny tapdylar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu galyndylar mundan 2,7 milliard ýyl ozalky döwre – paleozoý we proterozoý döwürlerine degişlidir.

Ýeri gelende belläp geçsek, etrabyň Gozyldag diýen ýerinde tapylan tapyndylar ýaşy 570 – 230 million ýyl aralygynda hasaplanýar. Ýöne bu ýerde has irki döwre – 2,7 milliard ýyl ozalky döwre degişli bolan ýaşaýyş galyndylary hem tapyldy. Alymlar toparynyň 9 günlük iş saparynyň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylarynyň nusgalary degişli instituta berildi.