logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Bäherdeniň ýaş woleýbolçylary
  23.07.2021
927
Bäherdeniň ýaş woleýbolçylary

Ýurdumyzyň çar künjeginde iri sport desgalarynyň we sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi islendik ýaşdaky ildeşlerimiz üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň ýol açyldy. Häzirki zaman ýaşaýyş toplumlarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynyň, tennis kortlarynyň gurulmagy ýaşlaryň we ýetginjekleriň sporta bolan söýgüsiniň ösmegine örän uly ýardam edýär. Soňky wagtlarda toparlaýyn oýnalýan sport görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Woleýbol boýunça ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň “Galkynyş” topary hem şolaryň biridir. Bu toparyň düzüminde çykyş edýänler 2002-2004-nji ýyllarda doglan ýaş türgenlerimizdir. Ýaş türgenlerimiz Işangeldi Ataýew we Keramat Muhammedow dagylaryň tälimçilik etmeklerinde woleýbol oýnunda geçirilen ýaryşlarda birnäçe üstünlikleri gazandylar. Muňa mysal edip, 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýaş türgenleriň arasynda 2017-2018-2019-2020-nji ýyllarda geçirilen woleýbol ýaryşynda Bäherden etrabynyň adyndan çykyş edip Ahal welaýatynyň 4 gezek çempiony bolmagy başardylar. Şeýle-de, 2003-2004-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda 2019-2020-nji ýyllarda  woleýbol boýunça Bäherden etrabynyň birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda 2 gezek çempion bolmagy başardylar.

         Mundan başga-da, 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde 2002-2003-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 3-nji orny eýelän Ahal welaýatynyň toparynyň düzüminde Galkynyş woleýbol toparynyň birnäçe oýunçylary çykyş etdiler.

Galkynyş woleýbol toparynyň düzümi Ýusup Sapardurdyýew, Nurgeldi Nurgeldiýew, Ýaýlym Saparow, Toýguly Söwütliýew, Reşit Poladow, Ýakup Berdiýew, Ybraýym Berdiýew, Toýguly Ýagşymyradow, Mekan Ataýew, Mahmyt Amanmyradow dagylardan ybarat.