logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Bäherdenli telekeçi ýyladyşhanasyndan 300 tonna çenli hyýar ýygnamagy maksat edinýär
  01.03.2023
1068
Bäherdenli telekeçi ýyladyşhanasyndan 300 tonna çenli hyýar ýygnamagy maksat edinýär

Bäherden etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Şolaryň biri-de etrabyň Durun geňeşligindäki telekeçi Tugur Berdiýewe degişli bolan ýyladyşhanadyr.

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün etmek ugrundaky asylly işlere saldamly goşant goşmak hyjuwy bilen zähmet çekýän bu döwrebap ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleriniň gadamy batly. Olar kämil tehnologiýaly häzirki zaman ýyladyşhananyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, hyýaryň bol hasylyny ýetişdirýärler.

Telekeçi Tugur Berdiýewe degişli bolan bu ýyladyşhana 1 gektara barabar meýdanda ýerleşip, ol 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär. Ýyladyşhanada hyýaryň ýokuma baý, bol hasylly görnüşleri ýetişdirilýär. Ýyladyşhana eýeleri bu ýerden şu möwsümde hyýaryň 300 tonna çenli hasylyny almagy maksat edinýär.