logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /BAKJA ÖNÜMLERI BАZARLARY BEZEÝÄR
  06.08.2019
1720
BAKJA ÖNÜMLERI BАZARLARY BEZEÝÄR

   Tejen şäheriniň merkezindäki “Ahal” bazary bu gün köpçüligiň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu günki gün Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän daýhan birleşikleriň ählisinde şertnamalaýyn kärende usulynda zähmet çekýän bakjaçylar özleriniň bitginli hasylyny bu ýere getirýärler. Şonuň üçinem bu pursatlar bazarlarda azyk bolçulygynyň ýüze çykmagyna oňaýly täsir edýär. Ýaşaýjylaryň bolsa “Alaja garpyza”, “Sowuk garpyza”, “Jeýhun garpyzlary”, “Waharman”, “Akmaral”, “Gyzyl injir”, “Zamça” gawunlaryna, şeýle hem kädiniň dürli görnüşlerine islegleri diýseň uly. Bazar bolçulygynyň bu görnüşine alyjylaryň gözleri dokunýar. Bakja önümlerini olar elýeterli bahadan satyn alýarlar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwründe “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda il-gün bähbitli alyp barýan beýik hem-de tutumly işlerine hemişe rowaçlyk arzuw edýärler. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda bazar bolçulygyny döretmek bilen baglanyşykly tutumly işlerine hemişe alkyşlaýarlar.