logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Baky bagtyň şäheri
  25.03.2023
1059
Baky bagtyň şäheri

Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy, bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolar. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler. Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi ýola goýlar. Elektrobuslar, elektromobiller hereket eder.

Awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalar peýda bolar. Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder. Ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglere doly laýyk getirilip gurulýan bu taslamanyň gurluşygynyň birinji tapgyry ýakyn wagtda tamamlanyp, halkymyza ulanmaga berler.

Gurluşygyň iki tapgyrynyň dowamynda 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akaba, suwuň derejesini peseldiş ulgamy we lagym geçirijileri, 62,9 kilometr gaz geçirijisi, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlary, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär. 

 

Çynar DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.