logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Baky bagtyýarlygyň rowaçlanmagy
  18.11.2022
663
Baky bagtyýarlygyň rowaçlanmagy

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçip gelýän däp-dessurlaryny, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly asylly ýol-ýörelgelerini dünýä nusgalyk derejede kämilleşdirmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz dünýäde dostlugyň mekanyna öwrüldi. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerine hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty täze sepgitlere gadam basýar. Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen sebitde we halkara derejesinde täze başlangyçlara badalga berýär. Dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, halkara we sebitara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär we ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik syýasaty goňşy halklar, ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarymyza giň ýollary açýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň doganlyk halklaryň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyş bolmaklaryna, dostluk gatnaşyklaryny saklamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Dostana gatnaşyklaryň başlangyjy, esasy serişdesi bolan dil bilimine ýurdumyzda aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda daşary ýurt dillerini öwredýän merkezler işjeň hereket edýär. Türkmen ýaşlary öz saýlan daşary ýurt dillerini doly özleşdirip bilýärler. Bir söz bilen aýdylanda, halkymyzyň döredip, asyrlarboýy kämilleşdiren ynsanperwer häsiýetleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň dostlukly gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegi bilen dünýä dillerini öwrenmäge isleg hem artýar. Dünýä halklarynyň biziň halkymyza bolan hoşniýetli garaýyşlary dost-doganlygyň aýdyň beýanydyr. Şeýlelikde, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer gatnaşyklaryň döreden myhmansöýüjilik däplerini hemişe belentde goýýan ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklary barha pugtalanýar. 

 

Mergen ÝOLOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.