logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /«Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi geçirildi
  23.11.2025
423
«Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzda goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has hem berkidip, ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmaga degişli döwlet ähmiýetli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýaňy ýakynda hem Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Bu çäre diňe bir haryt we hyzmatlaryň tanyşdyrylýan ýeri bolman, eýsem, sebitiň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm platforma boldy.


Serginiň çäginde goňşy ýurduň 70-e golaý kompaniýasy öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrdy. Olaryň arasynda gurluşyk, oba hojalyk, azyk senagaty, gaýtadan işlemek, halkara logistika we sagaldyş-dikeldiş ulgamlary bar. Bu çäräniň ähmiýeti diňe harytlaryň sergilenmegi bilen çäklenmän, telekeçiler we kompaniýalar üçin ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary gurmak, tejribeleri alyşmak we geljekki hyzmatdaşlyk taslamalaryny meýilleşdirmek üçin täze mümkinçilikler döretmekde bolup durýar.


Serginiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary hem boldy. Olar işewürlik we ykdysady ösüş bilen baglanyşykly döwrebap ýollary, Bitaraplyk ýörelgeleriniň işewürlik gatnaşyklaryna goşýan oňyn täsirini we türkmen-eýran dostlugynyň işewürlik ugry bilen utgaşdyrylmagyny sahna eserleri arkaly görkezdiler.


Balkanabatdaky bu sergi, sebitiň ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, telekeçilik mümkinçiliklerini giňeltmek, goňşy ýurtlar bilen täze söwda ugurlaryny açmak we sebitdäki ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak üçin möhüm ädim boldy. Şeýle çäreler iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmaga we geljekde ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berýär.

Ýeňişmyrat Bäşimow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.