logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi
  19.11.2022
2312
Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi

Ýakynda Balkan welaýat kitaphanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň ähmiýetini giňden ýaýmak maksady bilen, «Älemiň çyragy kitap» atly bäsleşik yglan edilipdi. Onuň düzgünnamasyna laýyklykda, bilim işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde şäherdäki 17-nji orta mekdebi 1-nji orny, ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebi 2-nji orny, 6-njy orta mekdebi 3-nji orny eýeledi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.