logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Balkan welaýatynda täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy
  08.08.2022
732
Balkan welaýatynda täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy

Şu gün, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy. Dabara, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi gatnaşdy.

Awtomobil köprüsi, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşip umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, ikitaraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Ol umumy uzynlygy 2 müň metre ýetýän eltiji ýollaryň gurluşygyny hem öz içine alar. Taslamany Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.

Belläp geçsek, täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder.