logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Balkanabat DES-de 1 milliard 718 million kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi
  27.10.2022
776
Balkanabat DES-de 1 milliard 718 million kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň geçen hasabat döwründe 1 milliard 610 million kilowat-sagada derek, 1 milliard 718 million kilowat-sagada golaý elektrik energiýasy öndürilip, meýilnama 106 göterim berjaý edildi. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 318,5 million kilowat-sagada barabar elektrik energiýasynyň artyk öndürilendigi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu ýerde önümçiligiň ösüş depgininiň 122 göterim ýokarlanandygyndan habar berýär.