logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi
  23.09.2022
1036
Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi

Şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyň öňýanynda Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin her biri  40  hojalyga  niýetlenip gurlan dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisi açylyp ulanylmaga berildi.


Eşretli ýaşamak üçin ähli döwrebap şertler döredilen binalaryň gurluşygyny Balkanabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň hünärmenleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Daş-töweregi  abadanlaşdyrylan täze ýaşaýyş jaýlary üç we dört otagly öýlerden ybaratdyr. Bu öýlerde ýaşamak bagtyna eýe bolan raýatlar halkymyz hakynda bimöçber aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.