logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Balkanabatdaky kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, durky doly täzelendi
  30.03.2023
1058
Balkanabatdaky kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, durky doly täzelendi

«Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, durky doly täzelendi.  Önümhana döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, önümhananyň ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, kuwwatlylygy önümleriň 20 müň tonnasyny öndürmäge barabardyr.

Kaolin önümhanasy üçin zerur çig mal serişdesi düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejiklerini saklaýan kaolin magdanyndan — Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň golaýyndan gazylyp alynýar. Önümhanada öndürilýän önüm eýýäm içerki bazaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy. Bu islegli önümi geljekde daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.