logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Balkanly maldarlar dowarlardan 53 müňden gowrak guzy almagy başardylar
  14.06.2023
745
Balkanly maldarlar dowarlardan 53 müňden gowrak guzy almagy başardylar

Balkan welaýatynyň «Gyzylarbat», «Balkan» we «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Welaýatyň merdana maldarlary şu ýylda 58 müň 130 ene dowardan 53 müňden gowrak guzy we 3 müň 120 düýeden 700-den gowrak köşek almak baradaky göz öňünde tutulan meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler.

Günbatar sebitiň maldarlarynyň gazanan bu zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny höweslendirmek baradaky aladalarynyň buýsançly netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümine irgözinden taýýarlyk görüldi. Ot-iým meselesi çözülip, mallaryň baş sanynyň artmagy üçin düýpli esas döredildi. Maldarçylyk hojalyklarynda bar bolan kaşarlardyr agyllarda ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi.