logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Bananyň bol hasyly alynýar
  12.04.2024
654
Bananyň bol hasyly alynýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri köp öndürmek bilen, ildeşlerimiziň bu babatdaky isleglerini has doly kanagatlandyrmak barada beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan «FERHAR» hojalyk jemgyýeti Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda banan hasylynyň ilkinji tapgyryny alyjylara hödürläp başlady. 


 

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, telekeçi Batyrmyrat Orazsähedowyň ýyladyşhana şertlerinde banan önümçiligini ýola goýmagy maksat edinip, döreden jemgyýetiniň işi häzirki döwürde rowaçlyk tapdy. Bu ýerde yhlasly işleýän işgärleriň tagallasy bilen ýylyň-ýylyna bananyň bol hasyly alynýar. Mineral dökünler bilen kadaly iýmitlendirilýän, damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarylýan bananlar bu ýyl hem eýesini dilgir etmedi. 


 

Mart aýynyň ortalarynda hasyl ýygymyna girişen banançylaryň janypkeşlikli zähmeti netijesinde şu ýylky hasylyň ilkinji tapgyrlary ýerli ýaşaýjylara ýetirildi. Häzir hasyl ýygymy dowam edýär. Banan ösümliginiň bereketli bolmagy, ýetişen hasylyň öz wagtynda ýygylyp, alyjylara ugradylmagy üçin ýyladyşhanada işleýänleriň ählisi janypkeşlikli zähmet çekýär.


 

Ýeri gelende belläp geçsek, «Ferhar» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda banan pudagyny açan ilkinji hususy kärhanadyr. Öz işlerini Mary welaýatynyň Sakarçäge et­ra­by­nyň «Ge­ňeş» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de alyp barýan bu hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri banan ýetişdirmeklik bilen meşgullanýar. «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde bananyň ilkinji hasyly 2019-njy ýylyň mart aýynda alyndy.

 

Aýjahan OSMANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.