logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Bananyň içi ýaly daşy hem peýdaly
  15.05.2022
2253
Bananyň içi ýaly daşy hem peýdaly

Örän lezzetli we peýdaly miweleriň biri bolan bananyň diňe içi däl, daşy hem peýdalydyr. Sebäbi miweleriň köpüsi ýaly bananyň witamini hem gabygyndadyr. Bananyň daşy ýagny gabygynda köp mukdarda demir, kaliý, B, C we K witaminleri bar.  Mundan başga-da, antioksidant, antifungal, antibakterial we ferment häsiýetlerine eýe bolan banan gabygy köp dertlere dermandyr.

Banan gabygynyň peýdalary:

- Banan gabygyndaky limon kislotasy dişleri agartmagyň işjeň maddasydyr.  Şeýlelik bilen, banan gabygy dişiň üstündäki tegmilleri aýyrýar we dişleri güýçlendirýär we hünji ýaly ak edýär.

- Antioksidantlara örän baý bolan banan gabygynyň düwürtiklere garşy häsiýetleri bar.  Şeýlelik bilen, mikroblara garşy göreşip, düwürtikleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän banan gabygy, bar bolan düwürtikleri guradýar, deriniň tekiz we sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.

- Bananyň gabygynyň düzümindäki polisakaridler, mör-möjeklerden ýa-da çybyn çakandan soň ýüze çykýan çişmäni we gijilewügi aýyrmak aýratynlygyna eýedir.

- Kelle juda agyranda banan gabygyny maňlaýa goýmak kelleagyrydan dynmaga kömek edýär.

Gültäç BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.