logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Bananyň radiasiýa howpy barmyka?
  15.04.2023
1191
Bananyň radiasiýa howpy barmyka?

Azyklyk maksady bilen ulanylýan miwedir gök önümler saglyk üçin peýdaly bolsalar hem, käbir ýagdaýda olaryň zyýanly täsiriniň bardygy barada maglumatlar bar. Söýlüp iýilýän bananyň düzüminde adamyň DNK-nyň takmynan 50%-ini emele getiriji birleşmeler saklanýar. Bu datly miwe stresiň derejesini peseltmäge, gaýgy-gussany azaltmaga goltgy berýän kaliý elementine, öýjükleri berkitmäge we gurmaga ýardam edýän B6 witaminine diýseň baý miwedir. Ýöne soňky döwürde bananlarda kaliý-40 radioaktiw elementiniň bardygy baradaky pikirler öňe sürülýär.

Bananda kaliý-40 izotopynyň bolmagy sebäpli ol belli bir derejede radioaktiw hasaplandy. Çünki kaliý-40 izotopy radioaktiwdir. Emma miwedäki radiasiýanyň mukdary az mukdarda. Iýmitleniş hünärmenleriniň pikiriçe, howply radiasiýa dozasyny almak üçin adam 1,5 tonna banan iýmeli. Muny göz öňüne getirmek bolsa, miwäniň radiasiýa tarapdan saglyga ýetirýän zyýanynyň örän azdygyny görkezýär. Banan diňe biohimiki sebäplere görä kaliý-40 izotopyny özüne ýygnaýar. Mysal üçin, şugundyr ýa-da seldereý azot oksidini şol bir görnüşde saklaýar. Beýleki ösümlikler, gök önümler, miweler beýleki maddalary köp ýygnaýar. Bananlary rentgen ýa-da KT barlagy bilen deňeşdirsek-de, bu gözlegleriň dowamynda bir ýa-da iki banany iýmekden has köp radiasiýa almarys. Bu miwäniň düzüminde şekeriň köpdügine garamazdan, ol köp iýilýär. Esasy zat bolsa, maslahat berilýän mukdaryndan artyk derejede peýdalanmazlykdyr. Görnüşi ýaly, bir bananda radiasiýa dozasynyň ep-esli derejede zyýan ýetirmek üçin juda azdygyny, ömrüň dowamynda adamyň beýle köp mukdardaky banany iýip bilmejekdigi düşnüklidir. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.