logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Başarjaň basketbolçy
  24.04.2021
738
Başarjaň basketbolçy

     Ýurdumyzyň çar künjeginde iri sport desgalarynyň we sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi islendik ýaşdaky ildeşlerimiz üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň ýol açyldy. Häzirki zaman ýaşaýyş toplumlarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynyň, tennis kortlarynyň gurulmagy ýaşlaryň we ýetginjekleriň sporta bolan söýgüsiniň ösmegine örän uly ýardam edýär. Soňky wagtlarda toparlaýyn oýnalýan sport görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Basketbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň agzasy bolan Hojanepes Hojanepesow hem şeýle ýaşlaryň biridir. Hojanepes kiçiliginden basketbol bilen meşgullanyp başlaýar. Ol birnäçe ýylyň dowamynda Amanmyrat Annaýewiň elinde tälim alyp, zehinini açmagy başarýar. Yhlasy myrat tapýan oglanjyk topary bilen dürli ýaryşlara gatnaşyp, kämilligiň aýdyň ýoluna düşýär. Sportuň basketbol görnüşiniň özüne has ýakyndygyna göz ýetiren Hojanepes okuwyny paýtagtymyzdaky “Olimp” orta sport mekdebinde dowam etdirýär. Häzir 11-nji synpda okaýan, 1 metr 89 santimetr boýly ýaş basketbolçy toparyň ökde hüjümçisi hasaplanylýar.

    Hojanepesleriň topary 2019-njy ýylda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda III orna, 2020-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda II orna, 2019-njy ýylda Gazagystanda geçirilen Aziýa oýunlarynyň saýlama tapgyrynda bolsa III orna mynasyp bolýar. Bu ýeňişler agzybir toparyň agzalaryny has-da ruhlandyrýar. Ýaş basketbolçylar häzirki wagtda indiki geçiriljek ýaryşlara has gowy netijeleri görkezmek üçin ýokary derejede türgenleşýärler. Biz hem ýaş türgene we onuň deň-duş türgenlerine, ýagny Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyna öňde goýan maksatlaryna ýetmekligi we geljekki ýaryşlarda-da üstünlikli çykyş edip, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny belende götermeklerini arzuw edýäris.