logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Bäsleşik geçirildi
  08.02.2023
1177
Bäsleşik geçirildi

Ýakynda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli Tejen etrap Bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Etrap bilim bölüminiň mejlisler zalynda geçirilen bäsleşikde bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar ýaşlary özleriniň zähmetsöýerligini, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzyna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri ýaýmaklygy maksat edinip bäsleşigiň 3 şerti boýunça öz deň-duşlary bilen bäsleşdiler.

Bäsleşikde berlen şertler boýunça gyzlar öz başarnyklaryny, ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde öz okaýan mekdepleriniň gyzlar gurnaklarynyň adyny, alyp barýan işini, şygaryny şahyrana dilde tanyşdyrmak, şeýle hem türkmen gyzyna mahsus bolan asyllylyk, gyz edebini açmagy başardylar. Bäsleşigiň ikinji şertinde ene-mamalarymyzyň arzuwlary siňip  asyrlar aşyp gelen el işlerini bejerip görkezmekde hem çekeleşikli geçdi. Bäsleşigiň soňky şerti bolan naz-nygmatdan doly saçak bezemek şerti hem juda gyzykly we çekeleşikli geçdi.

Gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda  eminleriň gelen netijesi boýunça baş baýraga etrabyň 19-njy orta mekdebiniň gyzlar gurnagy mynasyp bolup olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna çykmaga mynasyp boldular. Şeýlelikde 2-nji orna 5-nji orta mekdep, 3-nji orna bolsa 23-nji orta mekdepden gelen gyzlar gurnagy mynasyp boldular.

Bäsleşikden soň ýeňiji bolan okuwçy gyzlar öz ýürek buýsançlaryny aýdyp, ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, işleriniň mundan beýläk hem hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.