logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bäsleşik üstünlikli geçdi!
  27.02.2020
1210
Bäsleşik üstünlikli geçdi!

      Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki 16-njy orta mekdebinde Ahal welaýatynyň Bäherden.Gökdepe.Ak bugdaý Kaka etraplarynyň hem-de Tejen şäheriniň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy,takyk we tebigy okuw dersleri boýunça ylmy- döredijilik bäsleşigi geçirildi.

   Bäsleşik mekdep okuwçylaryny robot tehnikasyna gyzyklandyrmakdan. olaryň tehniki döredijiligini ýaýbaňlandyrmakdan we okuwçylaryň tebigy zehinlerini we başarnyklaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şeýle-de bäsleşik ylmy- tehniki medeniýeti kemala getirmekdemýaş nesliň sanly tehnologiýalardan gyzyklanmalaryny kämilleşdirmekden, ylmy- gözleg taslama täzeçilik we oýlap tapyjylyk hem-de tehniki döredijilikde konstruirlemek, modelirlemek we maket taýýarlamak endiklerini,ylmy- tehniki döredijilik nukdaýnazarlaryndan okuwçylaryň arasynda ýiti zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan. Watanymyzyft ylmy -tehnikada ýeten derejesiniň mysalynda okuwçylaryň arasynda watançylyk häsiýetlerini terbiýelemekden, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik üç tapgyrda geçirilip, welaýat tapgyrynda öňe saýlanan robot tehnika üç iş. takyk ugurlary boýunça üç iş, tebigy ugur boýunça üç iş, jemi dokuz iş Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan saýlanyp alnan emin agzalar tarapyndan döwlet tapgyryna seçilip alyndy.Deslapky geçirilen bu bäsleşige emin agzalary ýirine ýetirilen işe okuwçylaryň ylmy-döredijilikli çemeleşmelerinedşiň daş görnüşine we hiline, oýlap tapyjylygyň we ylmy täzeçilligine we işift beýan edilişine hem-de işiň durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkmçiligine garap adalatly baha berdiler.

     Umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurlar boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeftijileri Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň “Hormat hatlary" bilen sylaglandylar.Bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatyň Ak bugdaý, Kaka, etraplarynyň we Tejen şäherinin ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary bäsleşige has- -da taýýarlykly gelendikleri belli boldy.