logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Bathyz - şemalyň döreýän ýeri
  15.02.2023
1308
Bathyz - şemalyň döreýän ýeri

Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özboluşly, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýratyn tapawutlanýan künjekleriň biri. Türkmenistanyň günorta-gündogarynda Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsine baý Bathyz belentlikleri giň sähra gözellik goşup, ýaýylyp ýatyr. «Bat» sözüniň terjimesi şemal bolup, «hyz» döremegi-dogulmagy aňladýar. Örän ýerlikli at dakylan bu belent giňişlikde, aýdylmagyna görä, ýylyň dowamynda ortaça ýüz ýigrimi gün şemally bolýar. Ýazy owadan we gysga, tomusy ýiti jöwzaly, güýzi salkyn, gyşy gazaply Bathyz öz tebigy şertlerine uýgunlaşan, başga ýerlerde seýrek duş gelýän ösümlikleriň, guşlaryň we haýwanlaryň mesgenidir.

Bathyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyny we köpdürlüligini, esasan-da Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde bar bolan gulanlaryň toplumyny saklap galmak baradaky ylmy maglumatlaryna esaslanyp, 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär. Goraghananyň umumy meýdany 140 müň 430 gektara golaý bolup, olar 3 sany bölümden – Pylhatyn, Çemenebit we Gyzyljardan ybaratdyr. Goraghananyň giňişligini pisse tokaýlygy, çägelik sähra we akymsyz çöketlikler diýlip şertli atlandyrylýan ýerüsti görnüşler tutýar.

Jemi 21 müň gektardan gowrak meýdany tutýan pisse tokaýlygy ýyl-ýyldan giňeýär. Abadan jülgedäki belent gum gerşinden çykyp duran «Abadan çöňňe» diýlip atlandyrylýan ýeke daşdiş, Pinhan jülgäniň owadan baýyrlarydyr ösümlikleri, Kepele jülgesindäki pisse tokaýlygy tebigatymyzyň baýlygydyr. Şu ýerdäki 8 asyr ýaşan garry pisse agajy, deňiz derejesinden müň metr çemesi belentlikdäki Garadaş gaýasy, sary we gyzyl çigildemlerdir beýleki seýrek duş gelýän güller Bathyza gelýän jahankeşdeleri haýran galdyrýar.

Bathyzda ýerde-suwda ýaşaýanlaryň iki, süýrenijileriň otuz dokuz, guşlaryň 250-den gowrak, süýdemdirijileriň kyrka golaý görnüşi goralýar. Bu çäkde oňurgasyz haýwanlaryň hem bir müň üç ýüz çemesi görnüşiniň barlygy anyklanan. Bathyzda duş gelýän haýwanlaryň elliden gowragy Türkmenistanyň «Gyzyl kitabyna» girizilen. Şolaryň birnäçesi, şol sanda gulan Tebigaty goramagyň halkara Guramasynyň Gyzyl kitabyna hem hasaba alyndy. Bathyz häzirki wagtda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna goşuldy. 

 

Aýmuhammet AMANLYÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.