Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Baý geçmişimiziň belent tarypy
  06.04.2024
161
Baý geçmişimiziň belent tarypy

Şanly wakalar we şöhratly seneler arkaly beýik taryhyň altyn sahypalary ýazylýar. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň şanly wakalara beslenýän şu taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy. Täze kitap watandaşlarymyz, dünýä jemgyýetçiligi üçin ajaýyp sowgat boldy.


 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy her birimiziň begenç-buýsanjymyzy artdyrdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap hemmeler üçin örän gymmatly gollanmadyr. Bu kitap akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Kitapdaky taryhy maglumatlar, gadymy çeşmeler bilen birlikde döwlet Baştutanymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň baý iş tejribesinde, manyly durmuş ýolunda dünýä belli taryhçylar bilen guran duşuşyklary bileb bagly ýatlamalarynyň şu eseri döretmeklige ruhlandyrandygy barada aýdanlary bizde uly täsir galdyrdy.


 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly dürdäne eserinde nygtaýşy ýaly, gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň. Bu ajaýyp eserdäki taryhy maglumatlaryň, beýik ösüşlere beslenen eýýamymyzyň şanly wakalarynyň mysallary ýaşlary  terbiýeçiligiň çuň täsirine salýar. Munuň şeýledigine «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly dürdäne eseriň sözbaşy, giriş bölümleri bilen birlikde, «Gadymy Änewiň täsinligi» atly babynyň «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak» bölüminde-de, «Taryhy birleşdirýän uly wakalar»  atly babynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» bölüminde-de, «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly babynda-da, kitabyň jemlemesini okanyňda-da täsinlikleriň täsirli duýgulary bilen göz ýetirýärsiň.


 

Halkyna beýik mertebäni bagyş edýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç, ajaýyp eserleriniň dowamaty-dowam bolsun!

 

Kümüş BAÝRAMOWA, 
Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň uly mugallymy.