logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Baýdagym-buýsanjym
  14.05.2021
1651
Baýdagym-buýsanjym

      Türkmenistanyň döwlet baýdagy türkmen milletiniň geçmişini şu gününi hem-de geljegi bilen baglanyşykly özara sazlaşyklary şöhlenendirýändigi  bilen tapawutlanylýar. Döwlet Baýdagynyň esasynda milli däplerimiz goýlandyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýaşyl reňki biziň ýurdumyzyň tebigatyny, ýaşaýşyň reňkini aňladýar, bäş sany göl bolsa, bäş welaýatymyzy aňladýar. Bäş gölüň aşagyndaky zeýtun ýapragy bolsa Birlişen Milletler Guramasynyň parahatçylyk nyşanydyr. Aý bilen ýyldyzlar asmanymyzyň asudalygyny we bäş welaýaty şekillendirýär.

         Her bir özygtyýarly, Garaşsyz  ýurduň öz Döwlet nyşanlary bardyr. Türkmen halkynyň ebedi saklaýan mukaddeslikleriniň biri hem mukaddes baýdagymyzdyr. Bu mukaddeslik beýik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli gymmatlyklardan ýokarda goýulyp, ýurdymyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby birikmelerinde, bölümlerde aýratyn bellenen ýerlerde saklanylýar. Türkmenler uruş döwründe-de, parahatçylyk döwürde-de, Baýdagyny, Tugrasyny goramagy ýokary mertebe hasaplaýar.

       Bu gün dünýä halklary jennetli mekana öwrülen eziz Watanmyzyň ýaşyl Baýdagyna haýran galmak bilen garaýarlar. Ginnesiň (rekordlar) bütindünýä kitabyna girizilen 133 metr belentlige galdyrylan Döwlet Baýdagymyzyň möçberi 52,5 we 35 metre barabar bolup, onuň agramy 420 kg-dyr. Ol Paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde başyny asmana diräp parlaýar. Belentlikde parlaýan Türkmen Tugy asudalygyndan il agzybirliginden habar berýär we halkymyzyň belent sepgitlere tarap ynamly barýandygyny äleme buşlaýar. Halkymyzyň buýsanjy ýaşyl Tugumyz bu gün döwrüň depesinde parlap, goja zeminiň ähli halkyny parahatçylyga agzybirlige çagyrýar. Bäş müň ýyllyk taryhly türkmen halkymyz Baýdagymyza mukaddeslik hökmünde togap edýär. Onuň öňünde baş egýär. Çünki Döwlet Baýdagymyz Watanyň ähli gymmatlyklaryny özünde jemleýär.

      Bu günki gün ýaşyl Tugumyzyň dünýäniň ähli künjeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň belent binasynyň öňünde pasyrdap durmagy her-bir Türkmende buýsanç duýgusyny döredýär. Al-asmanda pasyrdaýan Baýdagymyza buýsançly bakyp, onda halkymyzyň şöhratly geçmişini, häzirki bagtyýarlyk zamanyny, aýdyň geljegini görýäris. Biz oňa, ýerini başga hiç bir zat bilen çalşyryp bolmaýan mukaddeslik hökmünde tagzym edýäris.

   Goý başymyzyň täjine deňeýän Döwlet Baýdagymyz asuda asmanymyzda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde hemişe pasyrdap dursun. Asmanymyzyň ýaraşygy ýaşyl Baýdagymyz goý, mydama äleme nur paýlasyn!