Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /BAÝKAL KÖLI – ZEMINIŇ AJAÝYP TÄSINLIGI
  25.11.2022
1329
BAÝKAL KÖLI – ZEMINIŇ AJAÝYP TÄSINLIGI

Ýer şarynda iň gadymy, iň täze we iň çuň köl – bularyň ählisi Baýkal hakynda. Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylar, sibir tebigatynyň bu täsinligini öz gözleri bilen görmek üçin bu ýere gelýärler. Tebigatyň ajaýyp keşplerinden başga-da, dünýäniň başga hiç ýerinde duşmaýan Baýkal kölüniň suwunda hem-de kenaryndaky ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligi aklyňy haýrana galdyrýar.

Baýkal şeýle bir uly bolup, ony köplenç deňiz diýip atlandyrýarlar. Hakykatdan hem, ol deňize meňzeş. Bu ýerde hat-da apy-tupanlar hem bolýar, şonda tolkunlaryň beýikligi 4-5 metre ýetip bilýär. Bu köli ýüzüp geçmeklik başartmaýar, sebäbi Baýkalyň meýdany, tutuş Belgiýanyň meýdanyndan hem uludyr.

Russiýa Federasiýasynda her ýyl sentýabryň ilkinji ýekşenbe güni, kölüň ekologiki goragyna bagyşlanan resmi döwlet baýramçylygy – Baýkal Güni bellenilýär. 1996-njy ýylda Baýkal ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Gynansak-da, Baýkala guýýan derýalaryň golaýynda ýerleşen, senagat kärhanalarynyň işjeňliginiň netijesinde köle yzygider hapa suwlar akdyrylýar. Köplenç hapalanmanyň çeşmesi, özlerinden soň zir-zibilleriň ägirt mukdaryny galdyrýan syýahatçylar hem bolup durýar. Muňa garamazdan Baýkal häli-şindi Ýer şarynda iň arassa köl adyny göterýär, emma bu ýeriň tebigaty düýpli goralmaga mätäçdir. 

 

Çynar DÖWLETSAPAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.