logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Baýramçylyk arçalary şugla saçýar
  23.12.2021
872
Baýramçylyk arçalary şugla saçýar

15-nji dekabrda agşamara baýramçylyk arçalarynyň yşyklarynyň köpçülikleýin ýakylmagy berkarar Watanymyzyň toý keşbine nowjuwanlyk goşup, daş-töwerege has nuranalyk çaýdy, ildeşlerimiziň keýpiçaglygyny belende göterdi. Şol şatlykly günde Ak bugdaý etrabynyň çägindäki, Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde oturdylan welaýatymyzyň baş arçasynyň çyralaryny ýakmak  mynasybetli geçirilen dabara ýatda galyjylygy, täsirliligi bilen tapawutlandy.

Aýazbabadyr Garpamygyň münüp gelen paýtunynyň baýramçylyk arçasynyň ýanyna gelip saklanmagy ol ýerdäki şowhuny belende göterdi. Täze ýylyň buşlukçylary bolan Aýazbaba we Garpamyk  arçanyň töweregindäki şüweleňe goşuldylar. Olar bagtyýar nesliň wekilleri bilen bilelikde döwre guran tans oýnadylar. Erteki gahrymanlarynyň gyzykly tomaşalary dabaranyň täsirliligini artdyrdy.

Arçanyň töweregini alaýaza beslen joşgunly aýdym-sazlarda berkarar Watanymyza bolan egsilmez söýgi, döwrümize bolan buýsanç, bagtyýar çagalyga bolan guwanç belent waspyny tapdy. Toý ruhly giň meýdançada uzak wagtlap dowam eden şadyýan çykyşlardan göwni göterilen Aýazbaba jadyly taýajygyny belent başly arça uzadyp, “Çür başyňda altyn täç, hany, arçam, ýalkym saç!” diýen sözler bilen welaýatymyzyň baş arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Bu pursat dabaranyň iň ýatda galyjy we esasy wakasyna öwrüldi.