logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Baýramçylyk mynasybetli bäsleşik geçirildi
  17.11.2022
934
Baýramçylyk mynasybetli bäsleşik geçirildi

Golaýda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli Tejen etrabynyň Agalaň oba medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk bäsleşik geçirildi. Bäsleşigi etrap bilim bölümi hem-de  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi bilelikde gurnadylar.

Dabarada mekdep okuwçylary öz düzen goşgulary, şu ýyl mynasybetli teswirnamalary, folklor çykyşlary, aýdymlary ýerine ýetirdiler hem-de birnäçe rowaýatlary janlandyrdylar hem-de sergi gurnamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada gurnalan ak öýler, milli mirasymyza degişli bolan sergiler hem-de ertekiler dünýäsiniň gahrymanlarynyň bu bäsleşige gatnaşmagy bu ýere gelenlerde has-da täsirli boldy. Aýdym-sazly bäsleşik bilen birlikde sportuň ýaglyga towusdy, milli göreş, küşt, şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikleri hem gurnaldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşikde etrabyň 8-nji orta mekdebi birinji, 6-njy orta mekdebi ikinji şeýle hem 27-nji orta mekdebi üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

 

Gulmuhammet Sähedow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
başlygy.