logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Society /Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!
  07.03.2023
1170
Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

Her öýüň bezegi, zynaty durky,
Güler ýüzli, çeper elli zenanlar.
Ýurdumyň daýanjy, dünýäniň örki,
Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!
 

Dogrudanam, şahyryň bu setirlerinde zenanlaryň belent waspyny, olara goýulýan sarpany görmek bolýar. Bahar paslynyň gülleriň burk urýan ysynyň, tebigatyň janlanýan döwründe Halkara zenanlar güni baýram edilýär. Her bir ojagyň ýaraşygy, maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde sarpalanýan zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belentde tutmak halkymyzyň milli ýörelgesidir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Halkara zenanlar güni uludan bellenilip geçilýär. Ata Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent, bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde zenanlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Häzirki wagtda ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa ata-baba ýörelgelerimizden  gözbaş alýar. Güler ýüzli, mylaýym sözli, dilleri senaly mährem käbelerimiz, bahar gülleri ýaly owadan gelin-gyzlarymyz türkmeniň milliligini, asylly häsiýetlerini özünde jemleýär. Zenanlar ýöne ýerden owadan ýazlara deňelmeýär. Owadan bahar paslyna mahsus bolan ähli ajaýyplyklar olaryň häsiýetlerinde jemlenýär. Halkymyz enäni, zenany mukaddeslige deňeýän halkdyr. Ajaýyp keşdedir nagyşlar, nepis türkmen halysy, gülli keçeler gözelligiň, asyllylygyň, çeper elliligiň nusgasy bolan gelin-gyzlarymyzyň döredýän täsin sungaty bolup, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Bu ajaýyp günde mährem zenanlarymyzyň waspy joşgunly aýdym-sazlaryň, çeper mazmunly goşgularyň üsti bilen ýetirilýär. Mähriban gelin-gyzlarymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu çäreler olary ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaklyga ruhlandyrýar. Goý, güler ýüzli, şirin sözli mähriban enelerimiziň, zenanlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Halkara Zenanlar güni gutly bolsun! 

 

Döwran BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.