logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Bazarlarda azyk önümçiligi saçaklary bezeýär
  28.12.2020
958
Bazarlarda azyk önümçiligi saçaklary bezeýär

        Bereketli türkmen saçagymyzyň bezegi bolan azyk önümlerimiz her bir türkmen öýüniň we toýlaryň bezegi bolup durýar. Biziň “Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe” adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen, bazar ykdysadyýetiniň azyk önümçiligi saçaga bezeg bolup, täze ýyly bezeýär. Türkmen saçagynyň bezegi bolan galla önümlerinden emele gelen çörek we kökeleriň dürli görnüşleri täze ýyl saçagynyň bezegi bolýar. Şeýle hem bazar ykdysadyýetimiziň bolçulygynyň netijesinde gök-bakja önümleri alma, pamidor, hyýar, nar we beýleki önümleriniň hemmesi gyş paslynyň gelendigine garamazdan, ak bazarlardan elýeterli bahalardan satyn alyp bilýärler.

         Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli-türkmen saçagy” atly kitabynyň ýardamy bilen azyk önümçiliginiň bolçulygynda türkmen halkymyz bereketli türkmen saçagymyzy dürli görnüşdäki naharlary bilen bezäp, täze ýyl agşamyna taýýarlyk görýärler. Azyk önümçiliginiň bolçulygynyň netijesinde halkymyz eşretli zamanada ýaşaýar. “Mally öýüm-hally öýüm” we “Daýhan hazynasy-ýeri, açary alyn deri” diýip ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly, türkmen halkymyzyň bereketli saçagy täze ýyl agşamyna giňden açylýar. Bu bolsa bazar ykdysadyýetiniň bolelin zatlaryň elýeterli bahalarda bolmagyna itergi berýär.