logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«BBC» ýurdumyzyň täsin ýerli tebigaty barada dokumental film taýýarlaýar
  07.03.2024
783
«BBC» ýurdumyzyň täsin ýerli tebigaty barada dokumental film taýýarlaýar

«BBC» teleýaýlymynyň (Angliýa) döredijilik topary Watanymyzyň täsin ýerli tebigaty barada dokumental film düşürmek üçin Türkmenistana geldi.

 

 

Üç adamdan ybarat bolan topar ähli zerur enjamlary özleri bilen alyp geldiler: kamera duzaklary, mikro we makro surata düşmek üçin linzalar. Türkmenistan dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine baý we biri-birinden tapawutly landşaftlardan ybarat ýurtdyr. Çöl depelerinden başlap, çalt akýan derýalaryň kenaryndaky tokaýlyklar we Köpetdagyň subtropik şertleri Watanymyzyň ajaýyp tebigatynyň özboluşlu aýratynlyklarydyr.

 

 

Gözlegçiler dag-dereleri, gowaklary, arassa çeşmeleri we ýaşyl jülgeleri öwrenerler. Köpetdagyň etegini bezeýän jerenler, tolkunlary ýadyňa salýan çöl depeleriniň üstünden bir oazisden beýlekisine tarap ýöräp barýan düýeler, Hazar deňiziniň joşgunly tolkunlarynyň üstünde perwaz urýan çarlaklar — bularyň hemmesi ýerli haýwanat dünýäsiniň bir bölegidir.

 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, filmiň surata düşürilmegi daglara gar ýagan pursatlaryna gabat geldi. Munuň özi režissýora ajaýyp tebigatymyzyň köpdürliligini we gözelligini görkezmek üçin has uly mümkinçilikleri döreder.

 

Läle ÝUSUPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.