logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Bedende suw balansyny dikeltmegiň aňsat usuly
  17.09.2023
1300
Bedende suw balansyny dikeltmegiň aňsat usuly

Garpyz diňe bir ýakymly we serginlediji miwe bolman, eýsem köp peýdaly maddalaryň çeşmesidir.  Suw we mikroelektrlere baý, böwrek, aşgazan, bagyr organlary ýuwup arassalaýar. Garpyz 92% suwdan durýar.  Yssy howada ýa-da güýçli maşklardan soň, bu önümi iýmek bedende suw balansyny dikeltmegiň aňsat usuly. 

 


Garpyzyň düzümi A we C witaminlerine baý, A witamini sagdyn gözleri, derini we saçlary ösdürýär, C witamini erkin radikallara garşy göreşmäge kömek edýän güýçli antioksidantdyr.  Mundan başga-da, garpyz nerw ulgamyna oňyn täsir edýän az mukdarda B witaminini öz içine alýar. Antioksidantlar Garpyzdaky lisin, karotin, lýutein we beýleki antioksidantlar ir garramagyň we dowamly keselleriň döremeginiň öňüni alýar, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligini sazlamaga kömek edýär. 

 


Garpyz gan damarlaryny rahatlandyrmaga, aýlanyşygy gowulaşdyrmaga kömek edýän L-sitrulin aminokislotasyny öz içine alýar. Ýokary gan basyşy ýa-da beýleki ýürek-damar keselleri bolan adamlar üçin bu peýdaly bolup biler.

Ýunus GELDIMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.