Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bedew ata bolan sarpa
  06.11.2021
353
Bedew ata bolan sarpa

Türkmen halky hemişe bedew atyny hatyralap gelipdir, türkmen atlary toýlarymyzyň bezegidir. «At ýigidiň  myrady» , «Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Aty baryň ganaty bar» diýen pähimlerden ugur alyp bu sarpanyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Köpetdagyň Gökdere jülgesinde bolup geçdi. Bu ýerde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda 600 orunlyk döwrebap athananyň  düýbi tutuldy. Bu athana üçin Köpetdagyň jana tenekar howaly, mes toprakly, akar suwly ýeriň saýlanmagy ýöne ýerden däldir. Bu işler ahalteke bedewleriniň sagdyn ösmegi we köpelmegi üçin zerur bolan amatly şertleriň biridir. Bu işleriň hemmesi döwlet üçin, halkymyz üçin, galyberse-de ahalteke bedewlerimiz üçin edilýän dyngysyz aladalaryň kepilidir.

13-nji oktýabrda, ýagny çarşenbe güni bolsa bu athananyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Bu dabara döwlet ýolbaşçylary, atçylyk sportunyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, halk köpçüligi we kethuda ýaşulular gatnaşdylar.

Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary boldy. Olar Garaşsyz Watanymyzyň bedew bady bilen barýan ösüşlerini wasp etdiler. Soňra ahalteke bedewleriniň görkeziliş dabarasy bolup, onda owadan, akylly, ýyndam, ynsan gylykly bedewlerimiziň birnäçesi buýsanç bilen ajaýyp çykyşlary görkezdiler.

Täze guruljak döwrebap athananyň gurluşygy “Nurly bina” gurluşyk kärhanasyna ynanyldy. Bu gurluşygy buýrujy hökmünde “Türkmenatlar” birleşigi gatnaşdy. Bu athanada türkmeniň tohum atlarynyň baş sany köpeldiler we  olaryň häsiýetli aýratynlyklary has-da ösdüriler, ylmy taýdan öwreniler. Gurluşyga 15,4 ga meýdan ýer berlip, onuň içinde dolandyryş binasyny, ýörite weterinar binalaryny gurmak hem göz öňünde tutulandyr.