logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Bedew baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  18.04.2023
1232
Bedew baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleri milletimiziň buýsanjyna, egsilmez guwanjyna öwrüldi. Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi, il-günümiziň köňül ganaty, milli buýsanjymyzdyr. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bedew baýramyna bagyşlanan dürli çärelerdir, at çapyşyklary guralýar.

Şeýle çäreleriň biride ýakynda Tejen etrabynyň çäginde Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr» atly geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy hem şatlyk-şowhuna baýlygy bilen tapawutlandy. Baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary, gülküli sahna oýunlary, dutarçylar toparynyň şowhunly sazlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça taýýarlanan görkezme çykyşlary, milli tagamlaryň sergisi baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzda milli baýramlarymyzy giňden belläp geçmäge uly mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.  

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň başlygy.