Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bedew - türkmeniň uçar ganaty
  23.04.2024
483
Bedew - türkmeniň uçar ganaty

At- akylly jandar. Ynsan ýaly duýgur, diýseň düşbi. Türkmen bedewleri ynsan ýaly begenýäň, gaharlanýar, öýkeleýär. Ýaşyl öwüsýän baýyrlarda, düzlerde topar bolup otlap ýören atlar, edil ene mysaly, taýçanaklaryny del gözlerden garaýarlar, gijeleriniň rahatlygyny isleýärler. Dal bedewsiz türkmeniň ýaşaýşyny göz öňüne, getirmek asla mümkin däl. Olaryň durmuşymyzdaky ähmiýeti  juda  uly. Türkmen döräli bäri dal bedewler onuň ýakyn hemrasy bolupdyr. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň atly topary döredilip gaýduwsyzlyk bilen söweşipdirler. Atly goşun mydamada  goşuna kömege ýetişipdir. At gaýduwsyz ýigidiň ynanjy, ar-namysydyr. Kyn synaglardan geçen çydamly, ýelden ýüwrük türkmen aty şöhratdan doly söweş ýoluny gaýduwsyz türkmen ýigitleri bilen bilelikde ýeňiş bilen geçipdir. Biziň bedewlerimiziň ölmez-ýitmez wepadarlygy taryhyň sahypalaryna müdimilik siňdi. Bu günki gün görenleri  haýrana galdyrýan, gözel kamatyna tylla-zer sepilen ýaly, behişdi bedewlerimiz hakynda näçe gürrüň etseň sogapdandyr.

 

Bedew-ynsan durmuşynyň şatlygy, toýlarymyzyň bezegi, baýramlarymyzyň gelşigi, märekäniň süýünjidir. Türkmen atlary şu günlere çenli gymmatlygyny ýitirmän gelýär. Nagra dartyp kişňände, owazy we gözelligi bilen aklyňy haýran eden Gyratlar türkmen dessanlarynyň bezegidir. Bedewlerimiziň waspy nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda-da öz beýanyny tapýar. Ýer ýüzündäki ähli ynsanlar biziň türkmen atlarymyzyň aşygy. Olar atlarymyzyň öň görlüp-eşidilmedik owadanlygyna, ýyndamlygyna haýran galýarlar. Bu türkmen atlarynyň bir pursatda adamlary jadylap, ýüregini heýjana salýanlygyny açyk aýdyň görkezýär. 

 

Bedew - biziň Garaşsyzlyk Taryhymyzyň ruhydyr. Onuň keşbi Garaşsyzlygymyzyň  baş nyşanlarynyň, birine öwrülip, döwlet Tugramyzda orun aldy. Türkmen üçin aýlawda atynyň çykmagyndan uly şatlyk ýok. Garaşsyzlyk- durmuşymyzyň ula giden baş aýlawynda bagt atymyzyň çykmasydyr! Goý, atçylygy, atşynaslygy ýokary derejede ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

 

Wahyt ÇOPANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.