logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Begençleriniň çägi ýok!
  24.12.2020
843
Begençleriniň çägi ýok!

      Çagalarymyzyň çuňňur bilim almaklary üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we sport mekdepleriň binalaryny gurduryp  berýär. Mähriban Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklary barada uly alada edip, her täze okuw ýylynda orta mekdeplerimiziň 1-nji synplaryna okuwa  gelýän  çagalara “NOUTBUK” kompýuterlerini sowgat berýär.

      Täze ýagny 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň çägindäki orta mekdepleri şatlykly habar gurşap aldy. Çünki bu gün, mekdepleriň 1-nji synplarynyň okuwçylaryna Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren ,,NOUTBUK” kompýuterleriniň gowşurylyş dabarasy boldy. Öz ýurdumyzda önderilen “Bilimli” atly kompýuterleri Aýazbabadyr Garpamygyň ýany bilen alyp gelmekleri çagalaryň şatlyklaryny has-da goşalandyrdy. Arassa we ýagty synp otaglarynda Arkadag Prezidentimiziň iberen sowgatlaryny uly şatlyk bilen kabul eden körpeje çagalarymyzyň şatlyklarynyň we begençleriniň çägi bolmady.