logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Behişdi bedewiň waspy
  11.07.2020
1286
Behişdi bedewiň waspy

       Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli şekillendiriş sungatyny ösdürmek we dünýä tanatmak barada ägirt uly işler amala aşyrylýar. Çeperçilik sungatynyň wekilleri bolan nakgaşlar, heýkeltaraşlar, zergärler, halyçylar gaýtalanmajak sungat eserlerinde ajaýyp bedewleriň keşbini janlandyrýarlar. Türkmen bedewleri biziň milli guwanjymyz öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin türkmen bedewleriniň, aýratynda, ahalteke atlarynyň şan-şöhraty bütin dünýä belli. Çünki türkmen bedewleri owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlygy, berk bedenligi, ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar.  Atlar halkymyzyň göz guwanjy milli baýlygymyz, buýsanjymyz. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek atlar taryhymyzda, däp-dessurlarymyza, medenýetimize çuňňur ornaşyp, özlerine mynasyp oruny eýeläp gelýärler. Eýsem, ata-babalarymyzyň paýhaslaryndan dörän «Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» ýaly dana pähimleriň asyrlardan bäri dilden dile geçip gelmegine ata bolan sarpadan, söýgüden nyşan bolsa gerek! Atlar ýigitleriň syrdaşy, iň ýakyn wepaly ýoldaşy hasaplanypdyr. Onuň şeýledigine ynamdar çeşmeler, taryhyň müňlerçe ýyllyk gatlary doly subut edýärler. Türkmen halk döredijiliginde hem dal bedewleriň waspy juda belent ýaňlanýar. Bu babatda meşhur «Görogly» şadessanymyz bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Jygalybegiň tohum at ýetişdirmek barada ýaşajyk Röwşene berýän öwüt-ündewleri özbaşyna bir atşynaslyk taglymat bolup, ünsüňi özüňe çekýär. Bu behişdi jandara ylahy söýgi bilen garamalydyr, halk beýle eserleri döredip bilmezdi, bilmezem! Şol naýbaşy eseri okan her bir adam Göroglynyň dilinde ýaňlanýan « Atdyr ýigidiň ýoldaşy» «Diliň bolsa sözle, gyrat!», «Söweş güni goç ýigidiň ýoldaşy» ýaly ganatly sözlerde onuň Gyratyna berýän bahasyny duýýan bolsa gerek, bedew ata uly ähmiýet beren halkym bu wepadarlaryma şeýle ganatly setirleri-de bagyş edipdir «At-myrat», «At alsaň, aslyn sora», «Aty ýoguň ganaty ýok» mundan başga-da, türkmen irki döwürlerden bäri öz batyrlarynyň gahrymanlarynyň är ýigitleriniň ady bilen deň hatarda olaryň söweşde aýrylmaz hemrasy bolan bedewlerini hem agzap gelipdir. Bu bolsa atyň adam üçin iň gerekli jandar bolandygyna güwä geçýär. Halkymyzyň göz guwanjy, öz aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ahalteke atlarymyz  söýülmäge, bakylmaga, seýislenip, toýlarda çapylmaga mynasyp.