Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Sport /BEHIŞDI BEDEWLERIŇ ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLÝAR
  05.08.2019
971
BEHIŞDI BEDEWLERIŇ ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLÝAR

  Dynç slyş günleriniň dowam edýan günleriniň birinde Mähriban Arkadagymyzyň “Şapolot” atly ajaýyp türkmen bedewi bilen didarlaşdy. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň özboluşly dünýäsi bolup, olar özleriniň dürli hereketleri bilen oňyn täsirleri galdyrýandyny görkezýär. Hormatly Prezidetimiziň bu bedew bilen bir sellem gezelenç etmegi, bedewleriň ynsan bilen aýrylmaz baglanşygyny aňladýar. Ahalteke bedewlerine aýratyn üns berýän Mähriban Arkadagymyz türkmen atlary bilen baglanşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegine hemme taraplaýyn ýaradam berýär. Bu bolsa bedewleriň şöhratynyň dünýä dolmagynyň baş şertini emele getirýär. Mähriban Arkadagymyz ussat çapyksuwar, halypa seýis, tejribeli atçynas hökmünde behişdi bedewlere uly sarpa goýup, döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň arasynda bedewler bilen didarlaşmaga wagt tapmagy guwanarlyklydyr. Häzirki döwürde Hormatly Prezidetimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumzyda atçylyk pudagy ösüşiň täze derejesine çykdy. Şeýlelik-de, atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, behişdi bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagyna bu ugurda halkara hyzmatdaşlyklaryň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär. Bu işler atçylyk sportynyň ösdürilmegini we at seýislemegini hem-de at çapmagynyň gadymy ýörelgelerini wagyz edilmegini şertlendirýär. Göniden-göni Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýy belende göterdi. Ýurdumyzda Atçylyk sportyny ösdürmek, halkara derejesindaki atçapyşyklaryny guramak boýunça bimöçberli işler alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlerine, alymlaryna uly gyzyklanma döredýär. Taryhdan belli bolşy ýaly Ahalteke bedewleriniň özboluşly beden gurluşy, reňk aýratynlyklary bolup, olar adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanypdyr. Seýisçilik sungatynyň kämil derejä çykmagynda zehin goýan seýisçileriň tagallasy bilen döredilen Ahalteke bedewleri dünýä atçylygyna çykmagynyň naýbaşylygyna öwrüldiler. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň tebigat bilen sazlaşykly işiniň seýitçilik sungatyny ýokary derejesine göterilmeginiň aýdyň suwutnamasydyr.