logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Bejeriş ähmiýetli çeşme
  28.03.2024
743
Bejeriş ähmiýetli çeşme

Berzeňňi şypahanasy Aşgabat şäheriniň günortasynda şäher merkezinden 7,5 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Şypahananyň esasy aýratynlygy ýer astyndan çykýan, düzüminde kükürtli wodorod saklaýan mineral suwa baý bolmagydyr. Suwuň ýylylygy 36 gradus derejededir.

 

1967-nji ýylda açylan mineral suwly çeşme «Berzeňňi» şypahanasynyň taryhyny düzýär. Ýöne kyrk bäş ýyldan soň, «Berzeňňi» şypahanasy alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyzyň hyzmatyna berildi we sebit hem-de dünýä ähmiýetli döwrebap şypahana öwrüldi.

 

«Berzeňňi» mineral suwunyň düzüminde azot, kükürtli wodorod gazy, sulfatlar, kalsiý, magniý, az mukdarda ýod, brom, sink, marganes ýaly mikrogoşundylar bar. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan, bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir.

 

Tebigy palçygyň bejeriji häsiýetlerini öwrenmek, ony lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmak boýunça hem giňişleýin ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň, tebigy minerallaryň, şol sanda tebigy bejeriş palçygynyň melhemlik aýratynlyklaryny toplumlaýyn barlamaga, olaryň esasynda önümçilik tehnologiýalaryny işläp düzmäge, bu işleriň netijelerini saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga uly üns gönükdirilýär. Bejeriş ähmiýetli wulkan hem-de Mollagara palçygyndan, deňiz duzundan, ýoddan öndürilýän terapewtiki we kosmetiki önümler giňden bellidir. Çig mal doly arassalanandan soňra, oňa ýurdumyzda bitýän dermanlyk otlardan taýýarlanan tebigy, hoşboý ysly maddalaryň goşulyp gaplanylýan deňiz duzy we beýleki önümler milli derman senagatynyň ösüşinden habar berýär.

 

Kasymmyrat DURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Energetika we inženerçilik desgalary 
fakultetiniň mugallymy.