Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde maslahat geçirildi
  05.01.2023
1674
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde maslahat geçirildi

Golaýda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanylyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Bedew batly beýik döwrüň şan-şöhraty artyp barýar, ata Watan täze ýyla bagtdan dolup-daşyp barýar» atly şygar bilen geçirilen maslahata mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler, ajaýyp ýylymyzyň şygarynyň hem ýaşlaryň ady bilen baglanyşdyrylmagynyň ähmiýeti barada buýsanç bilen belläp geçdiler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň bagtyýar hem-de eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy galkynyşly eýýamyň bagtyýar ýaşlarynda okamaga, öwrenmäge, döretmäge höwes döredendigi barada çykyşlarda aýratyn bellenip geçildi. Maslahatyň dowamynda döwletli döwrany, ajaýyp zamany halkymyza peşgeş beren hormatly Prezidentimize alkyş aýdyldy.