logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Belarus Respublikasynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy
  27.02.2023
1496
Belarus Respublikasynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Golaýda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy «Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleri we Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi — täze Arkadag şäheri» mowzugy boýunça brifing geçirdi. Bu brifinge mugallymlar we Belarus Döwlet awiasiýa akademiýasynyň talyplary çagyryldy.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygy barada gürrüň berdi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanylan üstünlikler dogrusynda çykyş edildi, şeýle-de Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan Arkadag şäheri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Brifing bilen ugurdaşlykda ilçihanda türkmen halkynyň taryhyny, şu gününi, şeýle-de milli we medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän sergi hem guraldy. 

 

Ýazberdi ÝAZBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.