logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
  27.01.2026
323
Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri bilen bilelikde Belgiýanyň Wekiller palatasynyň Prezidenti Piter De Ruwer bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

 

Duşuşygyň dowamynda Belgiýa bilen sebitiň döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetine, şeýle-de ulag, energetika, howanyň üýtgemegi we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berdiler.

 

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Brýusselde geçirilen bu duşuşykda halklaryň we ýaşlaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, şeýle hem bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin gatnaşyklaryň esasy binýady bolup durýandygy nygtaldy.

 

Belgiýanyň Wekiller palatasy ýurduň federal parlamentiniň aşaky palatasy bolup, kanun çykarmak, halkara şertnamalary tassyklamak we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

Jeren ATAMURADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.