logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Benzine uly isleg
  05.07.2019
2193
Benzine uly isleg

       Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen, ol ýerde her ýyl 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazyň gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benziniň, 12 müň tonna dizel ýangyjynyň hem-de 115 müň tonna  suwuklandyrylan gazyň öndürilmegine mümkinçilik açyldy. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu gazhimiýa toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ekologiýa taýdan arassa önümleri ýurdumyzyň welaýatlaryna we goňşy ýurtlara iberilip başlandy.

     Şu ýylyň 1-nji iýulynda täze zawodyň ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi. Hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasynda  demir ýol we awtoulag bilen  Owganystan Yslam Respublikasyna täze zawodyň önümini, ýagny  tebigy gazdan taýýarlanylan benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň iberilmegine badalga beripdi. Şeýlelikde, birnäçe günden soňra Akina bekedinde tebigy gazdan taýýarlanylan benzin hem-de suwuklandyrylan gaz ýüklenilen demir ýol düzümi  we awtoulag kerwen dabaraly garşylandy.

     Täze zawodyň ekologiýa taýdan arassa önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Bu önümler ýakyn wagtda goňşy ýurtlara hem eksport ediler.