logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde dabaraly maslahat geçirildi
  06.02.2023
2162
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde dabaraly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de hukuk goraýjy edaralary tarapyndan bilelikde guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan dabaraly maslahata ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

Üstümizdäki 2023-nji ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen baglanyşdyrylyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän bimöçber aladanyň subutnamasydyr. Bu şygar ýaşlaryň watançylyk ruhuny belende göterip, okuwda, zähmetde uly üstünliklere ýetmäge hyjuw berýär. Şoňa görä-de, dabaraly maslahatda çykyş edenler ýylyň şygaryndan ruhlanyp, Watanymyzda ýaşlar barada edilýän aladalara ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Içeri isler ministrliginiň işgäri Maksat Çaryýew, Gökdepe etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Aýmyrat Bozakow, Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 201-nji Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň kapitany Bakymyrat Muhammedow, Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Maýa Ilgeldiýewa dagy çykyşlarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndan gelip çykýan wezipelere ünsi çekip, ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.