logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Bereketli hasyla garaşylýar!
  27.05.2023
899
Bereketli hasyla garaşylýar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen daýhanlarynyň päk zähmeti bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý meýdanlaryny synladygyňça kalbyň joşýar. Bereketli bugdaý hasyly ýetişen meýdanlar göýä Günüň nury siňen deýin altynsow öwsüp, deňiz kimin tolkun atýar. Bugdaý sümmülleriniň ygşyldysy aňyrsyna göz ýetmeýän türkmen sähralaryna ýaýylyp bereket-bolçulykdan habar berýär.

Halkymyzda bugdaý öndürýän toprak keramat hasaplanylýar. Bugdaý ekýän halk dünýäde umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşýan, belent mertebeli ykdysady taýdan ösen halk hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen sahawatly işler, buýsançly çözgütler eşretli zamanamyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýar we ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Eziz Diýarymyzda bugdaý gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýär. Şonuň üçin hem gallaçylyk, galla ekini babadaýhanlarymyzdan gelýän asylly ýörelgedir. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçiligi esasynda gallaçylar bugdaýyň bol hasylyna garaşýarlar. Türkmen halkynyň ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormat-sarpasy, gadyr gymmaty kalbynyň töründen gaýdýandyr. Türkmen maşgalasy öýüne myhman gelende öňi bilen desterhan ýazyp, duz-çörek hödür edýär. Şonuň üçin türkmen saçagyny bugdaý çöreksiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bugdaý, bugdaý unundan taýýarlanan tagamlar türkmen saçagynyň bezegi hem berekedidir. Esasan hem türkmen halky çörege uly hormat goýýar. Türkmen halkymyz çörege diňe bir iýmit hökmünde seretmän, ony mukaddes, keramat derejesinde görýär.

Häzirki günler gallaçy daýhanlaryň bereket meýdanlarynda alyp barýan ýadawsyz zähmetlerini göreniňde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanylýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen halkynyň bereketli saçagynda bugdaý çöreginiň bol boljakdygyna ýürekden guwanýarsyň. 

 

Aýlar HAÝYDOWA,

Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.