logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Berk bedenlilik ýaşlaryň görki
  21.04.2020
1262
Berk bedenlilik ýaşlaryň görki

    Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýerleşýän 1 müň 500 orunlylyk sport desgasy, 350 orunlulyk sport mekdebi sagdyn bedenlileriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Has takygy, bu sport desgasyna dürli ugurlar boýunça ýaryşlar geçirilse, sport mekdebinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar sportyň 10 görnüşi – basketbol, wolebol, fudbol, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka, erkin göreş, millei göreş, karateý donyň kýokşinkaý görnüşleri boýunça türgenleşýärler.

  Sport mekdebinde tälimçileriň 18-si ýaşlary berk bedenlilige türgenleşdirýärler. Olaryň arasynda etrap, şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijileri hem bar. Tejen şaheriniň ýaşaýjysy ýaş türgen Amanmyrat Hommadow 2019-njy ýylda goňşy Özbegistan döwletinde geçirilen ýeňil atletikanyň daş zyňmak görnüşi boýunça halkara ýaryşyna gatnaşyp, baýrakly 3-nji ornuna mynasyp boldy. Munuň özi bolsa ýaş türgenleriň sporta bolan höwesini – söýgüsini artdyrýar.