logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Berkarar döwletde zenan sarpasy dabaralanýar
  10.01.2023
843
Berkarar döwletde zenan sarpasy dabaralanýar

Parahatçylygyň we bagtyýarlygyň ýurdy eziz Watanymyzda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Dünýä ýüzünde şan-şöhraty barha arşa galýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy, irginsiz döretmegi, halal zähmet çekmekleri ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň batly ösüşlerine özleriniň päk zähmeti bilen mynasyp derejede goşant goşýan zenanlarymyz, gelin-gyzlarymyz hakynda döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, olary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik işine işjeň çekmeklik boýunça möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Ählumumy durnukly ösüşi gazanmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde zenanlaryň deňhukuklylygyny gazanmak, mümkinçiliklerini giňeltmek babatda zerur çäreler ýola goýulýar. Berkarar döwletimizde mukaddeslige deňelýän mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Çünki türkmen zenanlary eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bitirýän hyzmatlary bilen birlikde Arkadagly Serdarymyza, ata Watanymyza wepaly, watansöýüji, sagdyn hem-de ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem uly yhlas edýärler. Ýurdumyzda maşgala binýadynyň pugtalandyrylmagy, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan mesele bolup durýar. Döwleti dolandyryş işlerinde, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, aragatnaşyk we hyzmatlar ulgamynda yhlasly zähmet çekýän zenanlaryň, gelin-gyzlaryň kanunçylyk bähbitleriniň hem-de hukuklarynyň üpjün edilmegi olaryň maşgala durmuşynda, jemgyýetde tutýan ornuna ýokary bahanyň berilýändigine şaýatlyk edýär. Çünki zenan maşgala, türkmeniň gelin-gyzy özüniň mähremligi, hamraklygy bilen dünýä nur çaýýar, jemgyýeti mähir-aladasy bilen gurşaýar. Bu bolsa dünýämiziň abatlygyny, asudalygyny emele getirmäge esas döredýär. Zenan mertebesiniň belentde tutulýan bagtyýar Watanymyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle hormata mynasyp ýaşamak, yhlasly zähmet çekmek bagtyýar zenanlaryň mukaddes borjudyr. Goý, şeýle bagtyýar durmuşymyzyň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Aýnabat KERIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.