logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY
  20.07.2022
1165
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

       Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän ,,Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, şäher etrap Geňeşleri tarapyndan ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen gyzykly sport we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. 
Dürli bäsleşikler bilen bir hatarda ýaş nesilleriň Watançylyk we ynsanperwerlik ruhynda terbiýelenmeklerini gazanmak maksady bilen çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýän mekdep okuwçylarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyklary hem giň gerimde alnyp barylýar. 
Bu alnyp barylýan işler geljekde ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekde, olarda zähmete bolan söýgini güýçlendirmekde we watançylyk duýgularyny artdyrmakda özüniň oňyn netijesini berer. 
     Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ajaýyp zamanada ýaşaýan ýaş nesiller özleri üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň alkyşly sözlerini aýtýarlar.