Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!
  18.04.2023
791
«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Arkadagly Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — goşgulary we poemalary, hekaýadyr oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar döredýän eserlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edip, taýýarlan döredijilik eserlerini 2023-nji ýylyň 7-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Berkarar döwletiň ylham joşguny» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3×4 ölçegdäki (4 sany) fotosuratlary, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) goşmalydyrlar. Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

■ Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

■ Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy. E-mail salgysy: nesil-gazeti@sanly.tm 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 39-96-35, 39-95-27.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.