logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Berkararlygymyzyň buýsanjy
  19.05.2023
688
Berkararlygymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz ösüşlere beslenip, toý-baýramlarymyzyň dabarasy dag aşýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň toý dabaralary hem bu hakykata aýdyň şaýatlyk etdi. Ak mermerli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde il-agzybirliginde, döwlet berkararlygynda geçen dabaralar halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendigini dünýä äşgär etdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Halkymyzyň milli guwanjy bolan Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň Esasy Kanuny bilen birlikde bitewüligi emele getirýär. Çünki, olarda ata-babalarymyzyň umyt-arzuwlary, häzirki bagtyýar zamanamyza we eşretli geljegimize bolan ynam jemlenendir. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzyň kämilligi, Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hemişe rowaçlyklara beslenýändiginiň mizemez kepilidir.

Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarydygy bellenilendir. Baýdagymyz Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Şonuň üçinem her gezek belentde buýsançly pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyza nazaryň düşende gözüň dokunýar. Çünki, Döwlet baýdagymyz özbaşdaklygyň, agzybirligiň, jebisligiň buýsançly beýanydyr. Şu mukaddesliklere guwanýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutup, ynamly öňe barýar. 

 

Maýa BALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.