Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Berkararlygymyzyň goşa sütünleri
  12.05.2022
599
Berkararlygymyzyň goşa sütünleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar hem agzybir halkymyzyň her bir güni şatlykly pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Şeýle şatlykly seneleriň biri-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet Baýdagynyň günüdir. Sebäbi bu taryhy günde Ýaşyl baýdagymyzyň astynda eziz ýurdumyz ösüşiň kämil nusgasy hökmünde berkarar döwlet boldy, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň her birimiz üçin gymmatly şamçyragdyr. Baş Kanunymyz hem-de döwlet Tugumyz ençe asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi, gymmatlyklarymyzy özünde jemläp, ebedi sazlaşygy emele getirýär. Eziz ýurdumyzda bagtyýar hem bolelin durmuşyň, erkana ýaşaýşyň hukuk esaslaryny emele getirýän Baş Kanunymyzda her bir watandaşlarymyzyň hukuklary berkidilendir. Oňa laýyklykda, raýatlarymyz sagdyn we howpsuz iş şertlerine, durmuş üpjünçiligine, zähmet çekmeklige, hünär saýlamaga, saglygyny berkitmäge bolan hukuklara eýedir. Şeýle hukuklaryň kanun esasynda kepillendirilmegi bolsa halkymyzyň beýik geljegine bolan ynamyny artdyrýar.

Berkarar Watanymyz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, 1992-nji ýylda Türkmenistan döwletimizde döwlet nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyz döredildi. Sahawatly türkmen sährasynyň ýaşyl ýaýlasynyň reňkini özüne siňdiren, ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýaşyl Baýdagymyz bu gün arassa asmanymyzda erkana hem-de belentde pasyrdaýar. Halkymyz bu milli gymmatlygy gözüniň göreji deý aýap, ebedi mukaddeslik hökmünde sarpalaýar.

Baş Kanunymyz döwletimiziň içerki gurluşyny, dolandyryş ulgamyny, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kesgitleýär we berkidýär. Ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy hakyndaky konstitusion ýörelgäniň birkemsiz durmuşa geçirilýändigini her pursatda duýmak bolýar. Hereket edýän kanunlaryň milliligimize, halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk gelmegi bilen kanunyň hökmürowanlygyna uly ähmiýet berilýär.

Ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyk, jebislik ýaly gymmatly düşünjeleri kepillendirýän Konstitusiýamyz, hoşniýetliligimiziň alamaty bolan Döwlet Baýdagymyz milli buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr. Bu goşa mukaddesligiň baýramy bu güni şatlykly wakalaryň, dabaraly toýlarymyzyň üstüni ýetirýär we ruhy joşgun paýlaýar.

Mähriban halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny berjaý etmekde, abadan hem bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Babyş ATJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
öwreniji mugallymy.