logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Betony gaýtadan işläp bolarmy?
  09.06.2022
1684
Betony gaýtadan işläp bolarmy?

Daşky gurşawyň hapalanmagyna getirýän betony gaýtadan işläp bolarmy? Geliň, bu soraga jogap tapalyň!

Beton - maýda görnüşde döwülip, düzümindäki materiallary aýyrmak üçin elekden, metal bölekleri almak üçin magnitden, beýleki islenmeýän materiallary aýyrmak üçin bolsa suw arkaly täsirleşme geçirmek arkaly gaýtadan ulanylyp bilner. Bu gaýtadan işlenen material desgalaryň, ýollaryň aşaky gatlagyny berkitmek, toprak süýşmesiniň öňüni almak üçin ulanylyp bilner.

Gaýtadan işlemeli betonda köp hapalaýjy maddalar bar bolsa, gaýtadan işlemek has kyn bolýar. Bir tonna betony gaýtadan işlemek 6.182 litr suwy tygşytlaýar we 900 kg kömürturşy gazynyň çykmagynyň öňüni alýar.

Käbir beton garyndylarda diňe 30% gaýtadan işlenen material ulanylyp bilner. Bolmasa olaryň öndürijiligi peselýär. Ýöne himiki goşundylary ulanmak arkaly çäge, çagyl we hek daşyny aýryp, her tonnada 60 kg kömürturşy gazynyň çykmagynyň öňüni alyp bolar. Şeýle hem gaýtadan işlenen materiallar bilen has güýçli we ýokary hilli beton almak mümkin bolar.

Döwran ARABOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.